Türkmenistanyň wekiliýeti 28-30-njy aprelde Bişkek şäherinde geçirilýän Ulag, üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-gyrgyz bilelikdäki toparynyň ilkinji mejlisine gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär. Mejlise Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary A.Hudaýberdiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşýar. Duşuşygyň dowamynda ulag we logistika ulgamyndaky möhüm meselelere garaldy. Gyrgyz ýükleriniň günbatar ugra gatnawyny üpjün etmek üçin Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy we özara nyrh ýeňilliklerini üpjün etmek meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar konsullyk hyzmatdaşlygyň ugurlaryny, hususan-da, halkara ýük gatnawlaryna gatnaşyjylara degişli wiza amallary bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Mejlisiň işiniň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklary beýan etjek we geljekki hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitlejek Ulag, üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-gyrgyz bilelikdäki toparynyň ilkinji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekmek meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, toparyň mejlislerini yzygiderli geçirmek baradaky karara gelindi. Bilelikdäki toparyň ikinji mejlisini 2026-njy ýylda Türkmenistanda geçirmek göz öňünde tutulýar.
30.04.2025
29-njy aprel — 1-nji maý aralygynda Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarka geçirilýär. 29-30-njy aprelde şeýle hem «Türkmenistanda halkara ülňülere laýyk gelýän hil üpjünçiligi» atly halkara maslahaty geçiriler. Maslahatyň çäginde türkmen önüm öndürijileriniň önüminiň, hyzmat ulgamynyň hili halkara ülňülerine laýyklykda ýokarlandyrmak bilen bagly soraglar ara alnyp maslahatlaşylar. Çäre türkmen ykdysadyýetini dünýä bazarlaryna ilerletmek we onuň ornuny berkitmäge ýardam bermeklige gönükdirilendir. Prezident Serdar Berdimuhamedow sergi-ýarmarkanyň hem-de «Türkmenistanda halkara ülňülere laýyk gelýän hil üpjünçiligi» atly halkara maslahatyň öz işine başlamagy mynasybetli gutlag iberdi. Döwlet Baştutany gutlagynda “bu giň möçberli çäreleriň halkara söwdany ösdürmekde, hyzmatlar ulgamyny kämilleşdirmekde, ylmyň we tehnologiýanyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak esasynda ýokary hilli, ekologik taýdan arassa, halkara ülňülere laýyk gelýän harytlary dünýä bazarlarynda ilerletmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýandygyny” belledi. Serginiň guramaçylary Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenlerini, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny, türkmen işewürlerini, ýurdumyzyň raýatlaryny, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini sergi-ýarmarka çagyrýar. Sergi-ýarmarkanyň iş wagty: 29-njy aprelde sagat 10:00-dan 18:00-a çenli; 30-njy aprelde sagat 10:00-dan 18:00-a çenli; 1-nji maýda sagat 10:00-dan 17:00-a çenli. Salgysy: Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň 143-nji jaýy. Telefon belgileri: 39-88-70, 39-88-84/83/82.
29.04.2025
24-nji aprelde Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumyň (TEIF 2025) çäklerinde "Türkmennebit" döwlet konserni bilen "Petronas Carigali (Turkmenistan) Sdn. Bhd." kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu resminama Hazar deňziniň türkmen bölegindäki bäş deňiz gözleg blogunda işleriň alnyp barylmagyny düzgünleşdirýär. Umumy mejlisde "PETRONAS" toparynyň prezidenti we baş ýerine ýetiriji direktory Tengku Muhammet Taufik Tengku Kamadja Aziz Türkmenistanyň strategik energetiki hyzmatdaş hökmünde ähmiýetini belläp, Malaýziýa bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň ähmiýetine ünsi çekdi. "PETRONAS" kompaniýasy Türkmenistanda 30 ýyldan gowrak wagt bäri iş alyp barýar. Deňiz ýatagynda önüm paýlaşmak boýunça ilkinji şertnamanyň baglaşylmagy we Gyýanlyda taslama kuwwaty ýyllyk 5 milliard kub metr gaz hem-de 2,4 million tonna gaz kondensatyny öndürýän gazy gaýtadan işleýän zawod bilen terminalyň işe girizilmegi hyzmatdaşlygyň möhüm tapgyrlarynyň biri boldy. Taraplar nebitgaz toplumynda we maýa goýum pudagynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar. Hyzmatdaşlyk deňhukuklylyk, özara bähbitlilik we iki ýurduň kanunçylygyna hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýar. Hususan-da, uglewodorod serişdelerini gözlemek, çykarmak, gaýtadan işlemek we daşamak boýunça uzak möhletleýin maýa goýumlaryny çekmek meselelerine aýratyn üns berildi.
27.04.2025
ABŞ-nyň Söwda ministrligi 21-nji aprelde Kambojada, Wýetnamda, Malaýziýada we Tailandda öndürilen Gün panelleriniň importyna täze gümrük paçlarynyň girizilendigini mälim etdi. Bu barada «Bloomberg» agentligi habar berýär. Bu karar öňki Prezident Jo Baýdeniň başlangyjy bilen başlanan söwda derňewiniň netijesinde kabul edildi. Koreýaly «Hanwha Qcells» we amerikaly «First Solar Inc.» kompaniýalary hytaýly bäsdeşleriniň döwlet tarapyndan kömek alýandygyny we ABŞ bazarynda nyrhlary bilkastlaýyn peseldip, bäsdeşlige garşy hereket edýändiklerini aýdyp şikaýat edipdiler diýip, «Reuters» agentligi belleýär. Täze gümrük paçlarynyň möçberi ýurda we kompaniýa görä üýtgeýär. Iň ýokary – 3521% – möçberindäki gümrük pajy Kambojadan getirilýän harytlara girizildi, sebäbi bu ýurt derňewe gatnaşmakdan boýun gaçyrypdy. Wýetnamdan getirilýän harytlara 395,9%, Tailanddan getirilýän harytlara 375,2%, Malaýziýadan getirilýän harytlara bolsa 34,4% gümrük paçlary girizildi. Hytaýyň «Jinko Solar» kompaniýasy üçin, Wýetnamdan eksport edýän harytlaryna 245%, Malaýziýadan iberýän harytlaryna bolsa 40% gümrük pajy salyndy. «Trina Solar» kompaniýasynyň Tailanddan eksport edýän harytlaryna 375%, Wýetnamdan eksport edýänlerine bolsa, takmynan, 200% gümrük pajy girizildi. «JA Solar» kompaniýasynyň Wýetnamdan getirýän panellerine bolsa, takmynan, 120% gümrük pajy bellenildi. «Bloomberg» agentliginiň maglumatlaryna görä, ABŞ-nyň şeýle karar kabul etmegine garaşylýardy, şol sebäpdenem hytaý kompaniýalarynyň paýnamalarynyň bahasy 22-nji aprelde diňe birneme peseldi. Käbir kompaniýalar önümçiliklerini eýýämden Indoneziýa we Laos ýaly gümrük paçlary girizilmedik ýurtlara göçürdiler. 2024-nji ýylda ABŞ ýokarda agzalan dört ýurtdan 12,9 milliard dollarlyk Gün panellerini import etdi, bu bolsa ýurduň jemi importynyň 77%-ine deňdir. Täze çäreler Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan ozal girizilen nyrhlary dowam etdirýär.
24.04.2025
ABŞ-nyň iň iri bäş banky 2025-nji ýylyň ilkinji çärýeginde söwda amallaryndan rekord derejede girdeji gazandy. Munuň sebäbi Donald Trampyň söwda syýasatlarynyň netijesinde, bazarda ýüze çykan durnuksyzlyk bolup durýar. «Financial Times» neşiriniň maglumatlaryna görä, JPMorgan Chase, Goldman Sachs, Morgan Stanley, Bank of America we Citigroup banklarynyň umumy söwda girdejisi ýylyň birinji çärýeginde 37 milliard dollara ýetdi. Bu soňky on ýylyň iň ýokary görkezijisidir. Diňe paýnamalar bilen baglanyşykly amallardan banklar 16 milliard dollar gazandylar, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 34% köpdür. Donald Trampyň administrasiýasynyň gümrük paçlary boýunça alyp barýan syýasatynyň netijesinde, paýnamalaryň bahasy tiz ýokarlanyp, tiz pese gaçdy. Bu ýagdaýdan treýderler işjeň peýdalandylar. «Çärýek ýaňy başlady, ýöne häzirlikçe işler örän gowy we müşderilerimiz hem diýseň işjeň» — diýip, Goldman Sachs-yň başlygy Dewid Solomon aýtdy. Onuň ýolbaşçylyk edýän banky paýnamalar boýunça amallardan 4,2 milliard dollar gazanyp, bäş bankyň iň köp girdeji gazanany boldy. Geçen ýyl bilen deňeşdirilende, iň uly ösüşi 45% bilen Morgan Stanley görkezdi. Bank of America bilen Citigroup-yň girdejisi bolsa 20%-den hem az ösüp, toparyň arasyndaky iň pes netijäni görkezdi. JPMorgan Chase bolsa söwda amallaryndan iň köp umumy girdejini gazandy – 9,7 milliard dollar. Banklar ýokary girdejileriň ikinji çärýekde hem dowam etmegine garaşýarlar.
17.04.2025
Türkmenistanyň kiokuşinkaý karate boýunça ýygyndy topary 2025-nji ýylyň 10–11-nji maýynda Ermenistanyň Gümri şäherinde geçiriljek halkara ýaryşa gatnaşmaga işjeň taýýarlyk görýär. Toparyň düzümine 10 türgen girdi - Meýlis Paşakuliýew, Daýanç Gylyçdurdyýew, Daýanç Hojamyradow, Süleýman Sähedow, Myrat Ekäýew, Lala Abdullaýewa, Myrat Altymuhammedow, Şyhnazar Şirzadow, Döwletýar Allowow we Aýymjan Sulta­nowa. Toparyň tälimçiler toparyna Atamyrat Hudaýberdiýew ýolbaşçylyk eder. Ýaryşda Türkmenistanyň adyndan eminler toparyna Tirkiş Korow we Täçli Saparow wekilçilik ederler. Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň esasy wezipeleriniň hatarynda 2025-nji ýylyň 28-nji noýabryndan 1-nji dekabry aralygynda Ýaponiýanyň Maebasi şäherinde geçiriljek dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş etmek we her agram kategoriýasynda iň gowy netijeleri görkezmek bar.
27.04.2025
24-nji aprelde Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryş üstünlikli tamamlandy. Ýaryşa Ýewropa we Aziýa ýurtlarynyň 13-sinden türgenler gatnaşdy. Ýaryşyň ikinji gününde erkekleriň arasynda alty, zenanlaryň arasynda dört agram derejesinde guşakly alyş göreşi boýunça ýeňijiler kesgitlenildi. Bu ýaryşda türkmen türgenleri 4 altyn, 5 kümüş we 5 bürünç — jemi 14 medal gazanyp, toparlaýyn hasapda ýeňiji boldular. Sylapberdi Nuryýew (80 kg çenli), Annagurban Allaberdiýew (90 kg çenli), Pälwan Gurbangeldiýew (100 kg çenli), Dawut Nazarow (100 kg-dan ýokary) altyn medala, Abdyresul Durdyýew (60 kg çenli), Kerwengeldi Jumagylyjow (80 kg çenli), Nobatgeldi Nazarow (100 kg çenli), Zöhre Gurbanmyradowa (60 kg çenli), Aýnura Faýzullaýewa (65 kg çenli) kümüş medala, Umyt Garagulow (60 kg çenli), Azymuhammet Orazmuhammedow (70 kg çenli), Kuwwat Hojamberdiýew (90 kg çenli), Hesel Orazgeldiýewa (55 kg çenli), Patma Garajaýewa (70 kg çenli) bolsa bürünç medala mynasyp boldular. Alyş — bu gyrgyz halkynyň milli göreşidir. Ol öz gözbaşyny taryhyň jümmüşinden alyp gaýdýar. “Alyş” sözi “Manas” şadessanyndan gelip çykýar. Gadymy döwürlerde pälwanlar öz aralarynda göreşmek islänlerinde, “Kel, alyşaly!” diýipdirler. Bu bolsa “Geliň, göreşeliň!” diýmegi aňladypdyr. Göreşiň bu görnüşine erkekler hem, zenanlar hem gatnaşyp bilýärler. Göreş diňe dik durmak ýagdaýynda geçirilýär. Her bir pälwanyň wezipesi garşydaşyny guşagyndan goýbermän ýykmakdan ybaratdyr. Soňky ýyllarda guşakly alyş göreşi hem, türkmen milli göreşi ýaly, bütin dünýäde işjeň ösdürilýär. 2002-nji ýylda döredilen, ştab-kwartirasy Bişkek şäherinde ýerleşýän Bütindünýä Alyş federasiýasynyň düzümine (WAF) häzirki wagtda Aziýanyň, Afrikanyň, Ýewropanyň, Demirgazyk we Günorta Amerikanyň milli federasiýalarynyň 36-sy girýär. Toparlaýyn hasapda Özbegistanyň türgenleri 4 altyn we 5 kümüş medal bilen ikinji; Gyrgyzystanyň pälwanlary bolsa 2 altyn, 2 kümüş we 3 bürünç medal bilen üçünji orny eýelediler. Şeýle hem baýrakly orunlara mynasyp bolanlaryň hatarynda Azerbaýjanyň, Mongoliýanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Hindistanyň, Belarusuň wekilleri bar. Bäsleşigiň jemleýji tapgyry tamamlanandan soňra, ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy. Şeýlelikde, ildeşlerimiz halkara ýaryşyň maksatnamasynyň iki görnüşiniň jemleri boýunça 12 altyn, 10 kümüş we 6 bürünç — jemi 28 medal gazandylar.
25.04.2025
Azerbaýjanda geçiriljek GDA ýurtlarynyň III oýunlarynyň guramaçylyk komiteti geljekki ýaryşyň tumarlaryny saýlady. Olar alajaplaňlar (leopard) Babir we Leýla boldy diýip, guramaçylyk komitetine salgylanyp, BELTA habar berýär. Bellenilişi ýaly, Babir juwanlygy, işjeňligi we tükeniksiz ruhubelentliligi, Leýla bolsa gözelligi, näzikligi we paýhaslylygy alamatlandyrýar. “Kawkaz alajagaplaňlarynyň keşbinde ýerine ýetirilen gujurly we dostlukly tumarlar diňe bir enaýyja personažlar däl. Olar Azerbaýjanyň ruhunyň, onuň baý tebigatynyň, güýjüniň we myhmansöýerliginiň aýdyň beýanydyr” – diýlip, guramaçylyk komitetiniň habarynda aýdylýar. Kawkaz alajagaplaňy Kawkazda ýitmek howpy abanýan jandarlary goramak maksatnamasyna hem-de Azerbaýjanyň Gyzyl kitabyna girizildi. GDA ýurtlarynyň III Oýunlary 2025-nji ýylyň 28-nji sentýabryndan 8-nji oktýabry aralygynda Azerbaýjanyň 7 şäherinde – Genji, Gabala, Göýgöl, Mingäçewir, Hankendi, Ýewlah we Şeki şäherlerinde geçer. Ýaryş “Ýeňiş her bir ýürekde” şygary bilen geçiriler. Dabaranyň açylyş we ýapylyş dabarasy Genji şäherinde bolar. Ýaryşa gatnaşyjylar sportuň 23 görnüşinde medal ugrunda bäsleşer. GDA ýurtlarynyň geçenki oýunlary 2023-nji ýylda Belarusda geçdi.
25.04.2025
LG kompaniýasy ulanyjylaryň emosiýalaryny we pikirlerini seljerýän ZenVision emeli aň tehnologiýasyny işläp düzüji Zenapse bilen şertnama baglaşdy. Tehnologiýa bütin dünýäde 200 mln LG telewizoryna, şol sanda ABŞ-da öý hojalyklarynyň 35%-ine ornaşdyrylar. webOS operasion ulgamyna gurnalan ZenVision ulanyjynyň nämäni görýändigini we onuň nähili reaksiýa bildirýändigini öwrenip, onuň psihologiki profilini döredýär. Ýaşyna ýa-da ýerleşýän ýerine esaslanýan mahabatdan tapawutlylykda, täze ulgam mahabat üçin tomaşaçynyň gymmatlyklaryny, pikirlerini we emosiýalaryny ulanýar. Ulgam awtomatik mazmun anyklaýyş tehnologiýasynyň (ACR) kömegi bilen filmleriň we şüweleňleriň sýužetini, şeýle-de tomaşaçynyň özüni alyp barşyny seljerýär. ZenVision ulanyjylary telewizora tomaşa edişi boýunça topara jemläp, olary dürli kategoriýalara bölýär. Bu hem mahabat berijilere LG telewizorlarynyň baş ekranlarynda, mugt kanallarda we beýleki webOS bölümlerinde hut bu tomaşaça has laýyk gelýän mahabaty görkezmäge mümkinçilik berýär. Şeýle-de, LG bu tehnologiýany täze programma üpjünçiligini we önümleri döretmek üçin ulanmagy meýilleşdirýär. ABŞ-da birikdirilen telewideniýede (CTV) mahabat bazary 2023-nji ýyldaky 24,6 mlrd dollardan 2027-nji ýyla çenli 40 mlrd dollara ýeter. Ýöne tehnologiýa şahsy maglumatlary seljerýändigi sebäpli, gizlinlik barada mesele döredýär. Hünärmenler bu barada biynjalyk bolýan adamlara maglumatyň ýygnalmagyny çäklendirmek üçin telewizoryň sazlamalarynda ACR funksiýasyny öçürmegi maslahat berýär.
24.04.2025
Google kompaniýasy adamlara real wagtda delfinleriň signallaryna düşünmäge we olaryň sesini gaýtalamaga mümkinçilik berýän DolphinGemma tehnologiýasyny işläp düzdi. Bu barada kompaniýanyň saýtynda habar berilýär. Tehnologiýa emeli aňa esaslanyp, Gemini ulgamyndaky ýaly uly dil modelini (LLM) ulanýar. Modeliň ululygy, takmynan, 400 mln parametre barabar. Ol audio signallary kabul edýär, olary seljerýär we indiki bolup biljek sesi çaklaýar. Soňra signal modifisirlenen Google Pixel smartfonlaryna birikdirilen ýörite CHAT gurluşy arkaly goýberilýär. Modeli okatmak üçin material Ýabany delfinleri öwrenmek taslamasynyň (WDP) çäklerinde ýygnaldy. Alymlar ençeme ýyllap Bagama adalaryndaky atlantik delfinleriniň toparyna syn etdi, olaryň özüni alyp barşyny we sesini ýazdy: birek-birege ideg etmekden we dawa-jenjelden başlap, ada meňzeş signallara çenli. Ozal ylmy gözlegçiler delfinler adamlar bilen aragatnaşyk gurup bilýär diýip çak edýärdi, ýöne olaryň signallaryna dogry düşünip biljek tehnologiýa ýokdy. DolphinGemma-nyň peýda bolmagy bilen görnüşleriň arasyndaky söhbet üçin esas bolup biljek ýönekeý ses “sözlügini” döretmek başartdy. Tejribäniň birinji tapgyrynda alymlar delfinlere bellibir signallary gowy görýän predmetleri bilen baglanyşdyrmagy öwretmegi meýilleşdirýär. Geljekde olar delfinleriň aragatnaşyk saklamak we haýyşlar üçin emeli sesleri ulanyp başlamagyna umyt bildirýär. Doly derejeli söhbet heniz uzakda bolsa-da, täze tehnologiýa delfinleriň aragatnaşyk üçin sesleri nädip ulanýandygyna has gowy düşünmäge mümkinçilik berýär.
18.04.2025
Şwesiýanyň Linçýoping uniwersitetiniň alymlary islendik şekli alyp bilýän, plastiline meňzeş täze görnüşli batareýany işläp düzdüler. Süýnýän ýumşak batareýa suwuk elektrodlardan peýdalanýar, bu bolsa ony beýleki enjamlara täzeçe usullar bilen ýerleşdirmäge mümkinçilik berýär. Bu barada geçirilen ylmy-barlaglaryň netijeleri «Science Advances» žurnalynda çap edildi. Adaty batareýalar gaty we agyr bolýar, bu bolsa olaryň ownuk ýa-da çeýe enjamlar üçin peýdalanylmagyny kynlaşdyrýar. Täze döredilen batareýa bu çäklendirmelere garşy çözgüt hödürleýär: onuň elektrodlary geçirijilik aýratynlygy bolan suwuk plastikden we kagyz önümçiliginden galyndy hökmünde alnan ligninden taýýarlanyldy. Materialyň teksturasy diş pasta meňzeýär, bu bolsa 3D printer arkaly batareýanyň islendik görnüşde öndürilmegine mümkinçilik berýär. Alymlar batareýany synagdan geçirdiler we onuň netijeliligini ýitirmezden, 500-den gowrak zarýad berme we zarýaddan boşatmak aýlawyndan geçýändigini görkezdiler. Batareýany dartyp, iki esse diýen ýaly uzaldyp bolýar, emma ol şonda-da işleýär. Öňki synanyşyklarda ulanylan suwuk metallar wagtyň geçmegi bilen gatylaşyp, öz häsiýetlerini ýitirýärdi, emma täze tehnologiýanyň ulanylyşy ýeňil we tebigata zyýansyz materiallar arkaly has durnukly bolýar. Täze işlenip düzülen batareýa geljekki tehnologiýalar üçin, meselem, geýilýän datçikler, ýüregiň urşuny kadalaşdyryjy enjamlar ýa-da elektron matalar ýaly ýeňil we çeýe enjamlarda ulanmak üçin örän amatlydyr. Emma häzirlikçe bu batareýa diňe 0,9 woltlyk tok berip berýär, bu bolsa adaty batareýalardan pesdir. Alymlar bu görkezijini ýokarlandyrmak maksady bilen, batareýa sink ýaly metallary goşmagy meýilleşdirýärler.
16.04.2025
Ispan alymlary eliň bilen dolandyryp bolýan ilkinji interaktiw golografiki displeýi döretdiler. Şekil howada peýda bolýar we eliň bilen onuň içine girip, zatlary aýlap, süýşürip bolýar. Bu enjam okuw, görkezmeler, muzeýler ýa-da güýmenjeler üçin hem peýdaly bolup biler. Ilkinji görkezilişi aprel aýynyň ahyrynda Ýaponiýada bolar diýip, «EurekAlert!» habar berýär. «Filmlerde görüp, gologramma diýip atlandyrýan zatlarymyz, aslynda, göwrümli şekillerdir» — diýip, taslamanyň baş awtory Nawarra döwlet uniwersitetinden (UPNA) Elodi Buzbib düşündirýär. 3D displeýler ozal hem bardy, ýöne olaryň hiç birine eliň bilen gönüden-göni täsir edip bolmaýardy – bu aýratynlyk bu enjamda ilkinji gezek mümkin boldy. Adatça, golografiki displeýlerde proýeksiýa giňişlikde çalt titreýän diffuzora – ýagny list görnüşli tekizlige gönükdirilýär. Oňa sekuntda 2880 kadra çenli tizlikde şekil düşürilýär. Gözüň inertligi sebäpli, beýni dürli belentlikde, dürli wagtlarda peýda bolýan bölekleri bitewi göwrümli şekil edip birleşdirýär. Täze displeýde alymlar berk diffuzoryň deregine, elastik zolaklary ulandylar. Tehnologiýa çylşyrymly bolsa-da, netijesi üstünlikli: adamlar indi golografiki şekiller bilen göni täsirleşip bilýärler. Bu enjam CHI 2025 atly halkara ylmy maslahatda – 26-njy aprelden 1-nji maýa çenli Ýaponiýanyň Ýokogama şäherinde görkeziler. Bu maslahata Microsoft, Meta, Apple we Adobe ýaly dünýä belli kompaniýalaryň wekilleriniň hem gatnaşmagyna garaşylýar.
15.04.2025
Hytaýyň Shenzhen 8K UHD Video Industry Cooperation Alliance (SUCA) birleşigi media maglumatlaryny sim arkaly geçirmek üçin GPMI (General Purpose Media Interface) atly täze standarty hödürledi. Bu standart 8K wideonyň geçirilişini goldamak hem-de maglumatlary we elektrik toguny geçirmek üçin zerur bolan kabelleriň sanyny azaltmak maksady bilen işlenip düzüldi diýip, «Tom's Hardware» habar berýär. GPMI kabeli iki görnüşde bolar: Type-B (özüne mahsus interfeýsli) we Type-C (USB-C bilen gabat gelýär). 8K wideo 4K-dan 4 esse, 1080p-den bolsa 16 esse ýokary çözgütli bolandygy sebäpli, bu format üçin ýokary geçirijilik zerur bolup durýar. GPMI Type-C 96 Gbit/sek-a çenli maglumat we 240 Wt çenli tok geçirip bilýär. Bu görkeziji USB4 we Thunderbolt 4-den ep-esli ýokarydyr. Type-B görnüşi bolsa has güýçli – 192 Gbit/sek-a çenli maglumat we 480 Wt çenli elektrik toguny geçirip bilýär.. GPMI HDMI-CEC dolandyryş ulgamy bilen hem utgaşykly, ýagny GPMI-yň üsti bilen baglanan we HDMI-CEC-ni goldaýan ähli enjamlary diňe bir pult bilen dolandyryp bolýar. Häzirki wagtda monitorlar USB-C we Thunderbolt ulanýar, telewizorlar bolsa HDMI-dan peýdalanýar. GPMI bu ýagdaýy üýtgedip, geljekde telewizorlarda giňden ulanylyp bilner. SUCA birleşigi 2020-nji ýylyň dekabrynda HiSilicon, Skyworth, KONKA, Tencent we ZTE ýaly kompaniýalar tarapyndan döredildi. Onuň maksady – 8K tehnologiýalaryny kämilleşdirmek.
09.04.2025
Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, Apple birinji çärýekde ilkinji gezek smartfonlaryň bölek satuwy boýunça öňdebaryjy boldy. Ol bazaryň 19%-ini eýeledi. Kompaniýa iPhone smartfonlarynyň bölek satuw möçberini 4% artdyrdy, umumy smartfon bazary bolsa 3% ýokarlandy. IDC analitikleri iberilen smartfonlaryň möçberi boýunça Apple-iň iPhone üpjünçiligini 10% artdyrandygyna garamazdan, Samsung-a ýol berip, ikinji orunda galandygyny belleýär. Apple-iň üstünligi elýeterli iPhone 16e smartfonynyň çykmagy we Ýaponiýada, Hindistanda, Ýakyn Gündogar, Afrika we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynda islegiň artmagy bilen baglanyşyklydyr. ABŞ-da, Ýewropada we Hytaýda iPhone satuwy durgunlaşdy ýa-da azaldy. Hytaýda bazaryň ösüşine 820 dollarlyk smartfonlaryň satyn alynmagyna berilýän ýeňillikler ýardam etdi. ABŞ-da täze import paçlaryna garaşylmagy hem satuwy ep-esli ýokarlandyrdy. Samsung bölek satuw nukdaýnazaryndan 18% bazar paýy bilen ikinji orny eýeledi. Ýöne birinji çärýegiň jemi boýunça onuň üpjünçiligi 5% azaldy. Satuw ösüşini, aýratynam, Galaxy S25 Ultra flagman modeli görkezdi. Xiaomi 14% paý bilen üçünji boldy. Ol Hytaýdaky üstünligi we täze bazarlara ýaýramagy netijesinde üpjünçiligi 5% ýokarlandyrdy. 8% paý bilen Vivo we Oppo dördünji hem bäşinji orunlary eýeledi: Vivo üpjünçiligi 6% artdyrdy, Oppo bolsa 1% azaltdy. Ýeri gelende bellesek, Hytaýda ýerli bazaryň öňdebaryjysy Huawei boldy. Counterpoint Research-yň analitikleri şu ýyl smartfon bazarynyň pese gaçjakdygyny çaklaýar.
17.04.2025
Kompýuter oýun pudagy ösmegini dowam edýär – 2024-nji ýylda oýunçylar oýunlara 37,3 milliard dollar harçlady diýip, «Newzoo» platformasynyň täze hasabatynda aýdylýar. Bu mukdaryň tas üçden iki bölegi mikrotöleglere degişli boldy – 24,4 milliard dollar ýa-da jemi girdejiniň 58%-i. Oýnuň içindäki satyn almalarda öňdeligi eýelänler Call of Duty: Black Ops 6, Roblox we Fortnite boldy. Goşmaça mazmunlar (DLC) hem ösüş görkezdi – 5,3 milliard dollar (2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende +0,8%). Bu görkezijä esasy goşandy Diablo 4, Elden Ring we World of Warcraft oýunlarynyň giňeltmeleri goşdy. Emma premium oýunlarynyň satuwy pese düşdi: ýylda 10,7 milliard dollar – bu jemi girdejiniň 28%-i, emma geçen ýyl bilen deňeşdirilende 2,6% az. Umuman, kompýuter oýun bazary bary-ýogy 0,1%, 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende bolsa 5,4% ösdi. «Newzoo» platformasynyň çaklamalaryna görä, 2025-nji ýylda bu görkeziji 37,9 milliard dollara ýeter, 2027-nji ýylda bolsa 40 milliard dollardan geçer. Mikrotölegler näme? Käbir oýunlary mugt ýükläp bolýar, ýöne oýnuň içinde ösüş gazanmak, gahrymanyňy bezemek, aýratyn esbaplary ýa-da artykmaçlyklary satyn almak üçin kem-kemden töleg etmeli. Mysal üçin, Fortnite, Roblox, Call of Duty: Warzone – bu oýunlary ýükläp almak we oýnamak mugt, emma kostýum, ýarag, battle pass we ş.m. satyn almak isleseň, pul tölemeli bolýar. Şeýle oýunlara, free-to-play + mikrotölegli model diýilýär. Klassyky oýun satyn alnanda bolsa, başda pul töläp oýny satyn alanyňda, onuň tutuş mazmuny mugt bolýar.
14.04.2025
Nýu-Ýork ýaşaýan dollar millionerleriniň sany boýunça dünýäniň şäherleriniň arasynda birinji orny eýeleýär – 384,5 müň adam. Şolardan 818 sanysynyň aktiwleri 100 mln dollardan geçýär diýlip, Henley & Partners we New World Wealth hasabatynda aýdylýar. Soňky 10 ýylda amerikan megapolisinde millionerleriň sany 45% artdy. Ikinji orunda Kremniý jülgesi bilen birlikde San-Fransisko aýlagy ýerleşdi. Bu ýerde 342,4 müň millioner ýaşaýar – 10 ýylda ösüş 98% boldy. Şol bir wagtyň özünde, San-Fransisko milliarderleriň sany boýunça Nýu-Ýorkdan öňe geçdi – degişlilikde, 82 we 66 milliarder. Iň gowy ýyllyk ösüşi Dubaý görkezdi: şäher 21-nji orundan 18-nji orna çykdy. Häzir onda 81,2 müň millioner ýaşaýar. Iň uly pese gaçyşy Seul görkezdi, ol 19-njy orundan 24-nji orna düşdi. Millionerleriň sany Londonda hem 12% azaldy. Häzir şäher altynjy orunda ýerleşýär (215,7 müň). Tokio (292,3 müň), Singapur (242,4 müň) we Los-Anjeles (220,6 müň ) ondan öňe geçdi. Ilkinji 50-lige Täze Zelandiýanyň Oklendini gysyp çykaran Lissabon hem goşuldy (22,2 müň). Ýaşaýyş jaýynyň bahasy boýunça iň gymmat şäherleriň sanawynda birinji orny Monako eýeledi – bir inedördül metr üçin 38,8 müň dollar. Şeýle-de, bu şäher ilatyň jan başyna düşýän ortaça baýlyk boýunça hem öňdebaryjy boldy – 20 mln dollardan gowrak. Ýaşaýyş jaýynyň gymmatlygy boýunça ikinji orunda Nýu-Ýork (bir inedördül metr üçin $27,5 müň) ýerleşýär, onuň yzyndan Gonkong ($26,3 müň) we London ($24 müň) gelýär.
11.04.2025
Forbes neşiri dünýäniň iň baý adamlarynyň täzelenen reýtingini hödürledi. Sanawyň taryhynda ilkinji gezek birbada üç adamyň baýlygy 200 mlrd dollardan geçdi. Birinji orny Tesla, SpaceX we ýakynda döredilen XAI Holdings kompaniýalarynyň ýolbaşçysy Ilon Mask eýeledi. Onuň baýlygy 342 mlrd dollar diýlip hasaplanylýar. Şeýle-de, Mask Donald Trampyň administrasiýasynda Hökümet netijeliliginiň departamentine (DOGE) gözegçilik edýär. Iň baý adamlaryň reýtinginde ikinji orny Meta korporasiýasynyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg ($216 mlrd), üçünji orny Amazon-yň esaslandyryjysy Jeff Bezos ($215 mlrd) eýeledi. Dördünji orunda Oracle korporasiýasyny esaslandyryjylaryň biri bolan Larri Ellison ýerleşdi, onuň baýlygy 192 mlrd dollar diýlip hasaplanylýar. 2024-nji ýylda reýtingde birinji orny LVMH (Louis Vuitton Moet Hennessy) kompaniýalar toparynyň eýesi Bernar Arno eýeläpdi, ýöne 2025-nji ýylda ol bäşinji orna düşdi. Arnonyň we onuň maşgalasynyň kapitaly 178 mlrd dollara çenli azaldy. 2025-nji ýylyň Forbes sanawynda 3028 milliarder bolup, olaryň umumy baýlygy rekord 16,1 trln dollara ýetdi – bu bir ýyl ozalkydan tas 2 trln dollar köpdür. Zenanlar milliarderleriň umumy sanynyň diňe 13%-ini düzýär. Olaryň arasynda iň baý zenan Walmart-yň mirasdüşeri Elis Uolton ($101 mlrd, 15-nji orun) boldy. Iň baý on zenanyň dokuzysy öz baýlygyny miras hökmünde aldy. Şu ýyl sanawa 288 sany täze at goşuldy. Olaryň umumy kapitaly 680 mlrd dollara barabar – bu adam başyna ortaça 2,4 mlrd dollardyr. Olaryň diňe 196 sanysy öz baýlygyny özbaşdak gazandy, galanlaryna miras galdy diýip, Forbes belleýär.
04.04.2025
Forbes žurnaly tarapyndan düzülen dünýäniň iň baý adamlarynyň reýtinginde iň ýaş milliarder 19 ýaşly Ýohannes fon Baumbahdyr. Ol dünýäde iň uly kompaniýalaryň biri bolan Germaniýanyň Boehringer Ingelheim farmasewtika kompaniýasynyň mirasdüşerleriniň biri. “Dünýä ilatynyň ýarysyna golaýy 30 ýaşdan kiçi. Ýöne şolaryň diňe 21 sanysy milliarder” – diýip, neşir belleýär. Awtorlar baýlyk toplamak üçin, adatça, ençeme ýylyň – hatda tutuş ömrüň gerekdigini belleýär. “Sanlaryň özündenem görnüp dur: dünýädäki milliarderleriň tas dörtden üç bölegi 50 ýaşdan 79 ýaş aralygynda. Diňe 12%-i 50 ýaşdan kiçi. Ýöne 30 ýaşa çenli milliarder derejesine ýetmegi başarýanlar seýrek duşýar; şu ýyl Forbes sanawynda şeýle barly ýaşlar 21 sany. Şolaryň diňe ikisinden galany öz baýlygyny miras aldy. Bu dünýäde iň ýaş milliardere, Ýohannes fon Baumbaha hem degişlidir” – diýip, Forbes ýazýar. Ol we ýene üç mirasdüşer – 23, 25 we 27 ýaş – derman öndüriji kompaniýadaky paýynyň netijesinde 5,4 mlrd dollar möçberde baýlyga eýeçilik edýär. Ýaş milliarderleriň aglabasy (15) Ýewropadan. Olar, esasan, Germaniýada köp: dört fon Baumbah, şeýle-de mirasdüşerler Sofi Luiz Filmann (30 ýaş; äýnek öndürijiler), Kewin Dawid Lemann (22 ýaş; dermanhanalar ulgamynyň eýeleri) we Maksim Tebar (23 ýaş; byçgy öndürijisi). Soňra Italiýa gelýär, bu ýerde üç dogan Del Wekkio EssilorLuxottica äýnek imperiýasyndan paý miras aldy. Şu ýyl olaryň baýlygy 2024-nji ýylda girdeji güýçli ýokarlanandan soň kompaniýanyň paýnamalarynyň gymmatlamagy netijesinde 40%, 6,6 mlrd dollara çenli artdy. Forbes-iň sanawynda iň ýaşuly milliarder bolsa Mercury General ätiýaçlandyryş kompaniýasyny esaslandyryjy, 103 ýaşly amerikaly Jorj Jozefdir. 2025-nji ýylda žurnalyň sanawyna 3 028 adam, şol sanda 406 zenan girdi. 3 müň milliarderiň umumy baýlygy rekord 16,1 trln dollara ýetdi.
03.04.2025
Perplexity kompaniýasy TikTok-y satyn alyp, onuň algoritmini düýpgöter üýtgetmegi meýilleşdirýändigini mälim etdi diýip, «The Verge» neşiri habar berýär. Perplexity-niň meýilnamasyna görä, platforma satyn alnan ýagdaýynda, TikTok-yň algoritmi doly üýtgediler we munuň ähli tapgyrlary ABŞ-nyň gözegçiliginde bolar. Kompaniýa platformanyň maslahat ulgamyny aç-açan etmegi we çeşme koduny hemmä elýeterli etmegi göz öňünde tutýar. Şeýle-de platformanyň emeli aň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmagy meýilleşdirýär. Bu döwrebaplaşdyryş işlerinde Nvidia Dynamo tehnologiýasy ulanylar we ähli maglumatlar ABŞ-daky maglumat merkezlerinde saklanar. Şeýle hem kompaniýa ulanyjylara has şahsylaşdyrylan mazmunlary hödürlemek isleýär. Eger-de ulanyjylar Perplexity we TikTok hasaplaryny biri-birine baglasa, olar üçin has laýyk we degişli mazmun hödürlener. Kompaniýanyň pikirine görä, bu usul TikTok-daky mazmuny ulanyjylaryň islegine görä has dogry görkezmäge kömek edip biler. Şeýle-de wideo mazmunlaryny awtomatiki terjime edýän aýratynlygy girizmek meýilleşdirilýär. Emma TikTok-yň enelik kompaniýasy ByteDance platformanyň ABŞ-daky bölegini satmaga isleg bildirmeýär. Bu ýagdaý platformanyň geljegi babatda ulanyjylaryň arasynda näbellilik döredýär. Ýatlatsak, ýanwar aýynda ABŞ-nyň Ýokary kazyýeti hökümete TikTok-y gadagan etmäge hukuk beripdi. Şondan soň TikTok ABŞ-da, takmynan, 14 sagatlap elýeterli bolmady. Emma soň ABŞ-nyň saýlanan prezidenti Donald Tramp gadagançylygy 75 gün yza süýşürmek boýunça buýruga gol çekipdi. Bu möhlet bolsa, 5-nji aprelde tamamlanýar. Häzirki wagtda TikTok-yň Perplexity-niň bu teklibine çynlakaý çemeleşip-çemeleşmeýändigi näbelli. Sebäbi TikTok-yň ABŞ-daky böleginiň bahasy 30-50 milliard dollar aralygynda çaklanylýar. Perplexity bolsa häzir 18 milliard dollarlyk täze maliýeleşdiriş tapgyry boýunça gepleşikleri geçirýär. Käbir bilermenleriň pikirine görä, Perplexity-niň TikTok-y satyn almak baradaky teklibi kompaniýanyň üns çekmek üçin edýän marketing strategiýasy bolup biler.
24.03.2025
PepsiCo amerikan kompaniýasy 1,95 mlrd dollara funksional gazlandyrylan içgileriň brendi “Poppini” satyn alýandygyny yglan etdi. Bu barada Bloomberg habar berýär. Agentligiň maglumatlaryna görä, şertnamanyň bahasy göz öňünde tutulýan 300 mln dollar salgyt töleglerini öz içine alýar. Aslynda, şertnamanyň arassa bahasy 1,65 mlrd dollara barabar. Eger Poppi kesgitlenen netijelilik görkezijilerine ýetse, goşmaça töleg hem göz öňünde tutulýar. Agentligiň belleýşi ýaly, funksional gazlandyrylan içgilere bolan isleg artýar, çünki olaryň düzüminde şeker az bolup, prebiotikleri, probiotikleri we iýmit süýümlerini öz içine alýar. Poppi içgileri miwe suwlarynyň we alma sirkesiniň ulanylmagy bilen öndürilýär, olarda şekeriň düzümi bolsa bir paý üçin 5 gramdan geçmeýär. “Sarp edijiler özleriniň durmuş ýörelgelerine we saglyga hem özüňi duýşuňa bolan gyzyklanma laýyk gelýän amatly we tagamly önümleri gözleýär” – diýip, PepsiCo-nyň baş direktory Ramon Laguarta belleýär. Poppi brendiniň satyn alynmagy PepsiCo-nyň peýdaly önümleriň assortimentini giňeltmek boýunça strategiýasynyň bir bölegidir. 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda kompaniýa 1,2 mlrd dollara Siete Foods snek öndürijisini satyn almak meýilnamalary barada yglan etdi, noýabr aýynda bolsa Ýakyn Gündogaryň tagamlaryny öndürýän Ysraýylyň Sabra Dipping Co. kompaniýasynda galan 50% paýy satyn alandygyny habar berdi.
22.03.2025
Lipton sosial ulgamlarda şetdaly tagamly sowuk çaýynyň önümçiligini bes edýändigi barada habar ýerleşdirdi. Suratda perişde ganatly we “Rest in peach” (“Rest in peace”-iň ýoýlan görnüşi – “ýatan ýeriň ýagty bolsun”. Peach – iňlisçeden “şetdaly” diýmek) ýazgyly içgi bankasy bardy. “Siz, belki, biziň meşhur şetdaly tagamly Lipton Ice Tea çaýymyzyň önümçilikden aýrylýandygyny eşidensiňiz. Biz munuň gynandyryjydygyny bilýäris, ýöne alada etmäň. Siziň beýleki halaýan tagamlaryňyz hiç ýere ýitmez. Kim bilýär? Belki, günlerde bir gün şetdaly tagamy gaýdyp geler” – diýlip, kompaniýanyň resmi Instagram akkauntynda ýazyldy. Bu habar ulanyjylaryň arasynda dürli oňyn däl garaýyşlara getirdi. “Bu Coca-Cola-nyň “kolany” çykarmagy bes edişi ýaly bolardy” – diýip, ulanyjylaryň biri belledi. “Bu adamlaryň gowy görýän ýeke-täk tagamy. Siz näme üçin beýdýärsiňiz?????” – diýip, başga bir ulanyjy ýazdy. Köpler muny degişme hökmünde kabul etdi. The Grocer neşiri hem munuň marketing göçümi bolup biljekdigini öňe sürdi. Ozal şeýle kampaniýany fewral aýynda Duolingo hyzmaty geçirip, ol baýguş Duonyň “ölendigini” habar beripdi. Birnäçe wagtdan soň baýguş “janlandy”. Bildirişe ynanyp, bu içgini söýüjileriň köpüsi ony geljek üçin satyn alyp goýar ýaly, marketlere ylgady. Ýöne 24 sagatdan az wagt geçensoň, adamlar wagtlaryny biderek sarp edendigine düşündi. Lipton munuň “birinji aprel” degişmesi bolandygyny aýtdy. “Ups, heniz martmy? Seneleri çalşypdyryn... eýýäm birinji apreldir diýip pikir edipdirin! Men hiç haçan siziň söýgüli tagamyňyzy eliňizden almazdym” – diýip, täze beýanda ýazyldy. Umuman, içgi öndürijisine Duolingo ýaly internet torunda şadyýan memleri döretmek başartmady. Brend “elhenç” we “dünýäde iň gülkünç däl” mahabat aksiýasy üçin tankyt edildi. “Biz birneme degişmek we muşdaklarymyzyň Lipton Ice Tea Peach-y näderejede gowy görýändigini görmek isledik we seslenme biziň garaşanymyzdan ýokary boldy. Dogrusyny aýtsam, biz bu degişmäni birnäçe gün dowam edip bileris öýtdük, ýöne şeýle derejedäki seslenme bilen, biz ony bes edýäris we aýdyňlyk girizýäris: Lipton Ice Tea Peach hiç ýere ýitmez!” – diýip, PerthNow neşiri bilen söhbetdeşlikde Lipton-yň wekili aýtdy.
21.03.2025
Şu gün, 18-nji martda «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň hususy pudagyna maýa goýumlary çekmäge gönükdirilen «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» (IFT-2025) atly halkara forum öz işine başlady. Forum Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) döredilmeginiň 17 ýyllygyna bagyşlanan serginiň we maslahatyň çäginde geçirilýär. Oňa gatnaşyjylaryň arasynda öňdebaryjy maýadarlar, işewürler, maliýe guramalarynyň we döwlet edaralarynyň wekilleri bar. Foruma Russiýadan, Täjigistandan, Gyrgyzystandan, Pakistandan, Fransiýadan, Türkiýeden, Germaniýadan, Gazagystandan, Hytaýdan, Beýik Britaniýadan, Estoniýadan, ABŞ-dan, Azerbaýjandan, Ukrainadan, Owganystandan, Niderlandlardan, Belarusdan, Saud Arabystanyndan we beýleki ýurtlardan wekiller geldiler. Türkmenistanyň wise-premýeri Nökerguly Atagulyýew forumyň açylyşynda çykyş edip, ýurduň ykdysady ösüşiniň durnuklylygyny belledi. Onuň sözlerine görä, 2024-nji ýylda ýurduň jemi içerki önüminiň ösüşi 6,3% ýokarlandy, 2025-nji ýyl üçin bolsa 40 milliard 72 million manat möçberinde maýa goýum göz öňünde tutulýar. Ol halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini nygtap, gatnaşyjylary maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmaga çagyrdy. Forumyň maksatnamasyna senagat, ulag, oba hojalygy we IT ugurlary boýunça panel maslahatlaşmalaryny, işewür duşuşyklary we geljegi uly taslamalaryň tanyşdyrylyşy girizildi.
18.03.2025
Niantic amerikan kompaniýasy Pokémon Go, Pikmin Bloom, Monster Hunter Now oýunlarynyň satyljakdygy baradaky maglumatlary tassyklady. Bu ylalaşyk hakykatdanam amala aşar diýip, «Variety» neşiri habar berýär. Niantic şeýle hem Campfire we Wayfarer ýaly kömekçi programmalaryny we bu taslamalaryň üstünde işleýän toparlaryny satmaga razy boldy. Bu oýunlary Saud Arabystanynyň Savvy Games Group toparyna degişli Scopely kompanivasy satyn alar. Bu kompaniýa Stumble Guys we Monopoly Go ýaly meşhur oýunlary bilen tanalýar. Şertnamanyň bahasy 3,5 milliard dollar diýlip kesgitlenýär. Scopely tarapyndan berlen beýanatda, Niantic-iň oýunlaryna her aýda 30 milliondan gowrak adamyň girýändigi, Pokémon Go-nyň 2024-nji ýylda 100 million ulanyja ýetendigi we Niantic-iň taslamalarynyň 2024-nji ýyldaky umumy girdejisiniň 1 milliard dollardan geçendigi bellenilýär. Niantic satyljak oýunlar, programmalar we hyzmatlar barada aladadalanmagyň zerurlygynyň ýokdugyny aýdýar – olaryň üstünde öňküsi ýaly, şol bir toparlar işlär. Scopely diňe bu taslamalara yzygiderli maýa goýar. Niantic-iň pikirine görä, Scopely-niň «örän ýokary hilli oýun hyzmatlaryny» döretmäge bolan höwesi, dünýä belli brendler bilen alyp barýan hyzmatdaşlygy we oýun jemgyýetlerine berýän berk ünsi, ony bu taslamalar üçin iň amatly hyzmatdaşa öwürýär. Şol bir wagtyň özünde, Niantic özüniň geo-giňişlikdäki emeli aň işini bölüp, Niantic Spatial atly aýratyn kompaniýada alyp barar. Täze kompaniýa Jon Hanke tarapyndan dolandyrylar we onuň başlangyç maýasy 250 million dollar bolar, şonuň 50 milliony Scopely tarapyndan üpjün ediler.
15.03.2025
«Titanikde» aman galan ýolagçy tarapyndan ýazylan hat «Henry Aldridge & Son» auksionynda 300 müň funt sterlinge (takmynan, 400 müň dollara) satyldy. Bu barada «The Guardian» neşiri habar berýär. Neşiriň belleýşi ýaly, lotuň bahasy başlangyç bahasyndan bäş esse ýokary boldy. Bu hat «Titanik» bilen baglanyşykly bize mälim bolan hatlaryň arasynda iň gymmady hasaplanylýar. Hatyň awtory – birinji derejeli ýolagçylaryň hatarynda syýahat eden polkownik Arçibald Greýsdir. Ol haty saparynyň dowamynda ýazyp, ilkinji täsirlerini paýlaşypdyr. «Gämi ajaýyp, ýöne men syýahatym tamamlanýança garaşyp, oňa soň baha bererin» — diýip, onuň sözleri getirilýär. Betbagtçylygyň boljak gijesi polkownik ir düşegine geçipdir. Ertesi irden ol skwoş oýnamagy (tennise meňzeş oýun) meýilleşdiren eken. Gijäniň ýarynda gäminiň aýsberg bilen çaknyşmagyndan oýanan Greýs dessine aýal-gyzlara we çagalara halas ediş gaýyklara münmäge kömek edip başlapdyr. «Titanigiň» yzky bölegi suwuň astyna gidende, ol we başga-da onlarça erkek adam agdarylan halas ediş gaýygynyň üstünde ýapyşyp galypdyr. Greýsiň soň ýatlap aýtmagyna görä, şol agyr gijäniň dowamynda, gaýygyň üstünde galanlaryň ýarysy sowukdan we ýadawlykdan sessiz-sedasyz suwa gaçyp, gark bolupdyr. Ertesi daňdan polkownigi «Karpatiýa» gämisi halas edipdir. Nýu-Ýorka gelensoň, ol bolan wakalar barada ýazypdyr. Emma alan şikesleri we sowuklama onuň saglygyny düýpli zaýalapdyr: 1912-nji ýylyň dekabrynda Greýs koma düşýär we iki gün soň aradan çykýar. 1913-nji ýylda onuň "Titanik barada hakykat» atly kitaby neşir edilipdir.
30.04.2025
Ýewropanyň birnäçe ýurdunda 28-nji aprelde sebit derejesinde tok öçdi. Bu ýagdaýdan, aýratynam, Portugaliýa we Ispaniýa zyýan çekdi. Publico-nyň maglumatlaryna görä, Portugaliýada, esasan, Lissabonda we Portuwda metro saklandy, ýolagçylar wagonlarda galdy. Ýolyşyklar, bankomatlar we ykjam aragatnaşyk işlemedi. Lissabonyň, Portuwyň we Faruwyň howa menzilleri ätiýaçdaky elektrik üpjünçiligine geçdi. Ispaniýada elektrik energiýasynyň öçmegi Madriddäki we Barselonadaky metro täsir etdi. Paýtagtyň Barahas howa menzili wagtlaýyn tertipde işledi. Ykjam aragatnaşyk we töleg terminallarynyň işi kesildi diýip, El Mundo ýazýar. Renfe kompaniýasy ýolagçy otlularynyň doly togtadylýandygyny habar berdi. Şeýle-de, elektrik bilen bagly bökdençlikler Fransiýada, Germaniýada we Andorrada hasaba alyndy diýip, Euronews habar berýär. Hadysanyň täsir eden ýurtlarynyň häkimiýetleri we üpjün edijiler elektrik üpjünçiligini dikeltmegiň üstünde işleýändiklerini aýtdy. Publico-nyň maglumatlaryna görä, 17:30-a çenli (Aşgabat wagty) Fransiýada elektrik energiýasy dikeldildi. Şeýle-de, Portugaliýada we Ispaniýada bökdençligiň netijeleri kem-kemden düzedilýär we munuň üçin biraz wagt gerek boljakdygy duýdurylýar. Bu bökdençligiň sebäbi heniz resmi taýdan kesgitlenmedi. Portugaliýanyň hökümetiniň agzasy Kastro Almeýda RTP3-de çykyş edip, munuň kiber hüjümi bolup biljekdigini aýtdy, ýöne bu babatda subutnama getirmedi. REN kompaniýasynyň pikirine görä, şeýle bökdençligiň sebäbi Fransiýanyň günorta-gündogaryndaky ýangyn bolup biler, onuň netijesinde ýokary woltly liniýalara zeper ýetipdi. Soňrak REN elektrik energiýasynyň öçmeginiň seýrek atmosfera hadysasy – “indusirlenen atmosfera üýtgemeleri” (induced atmospheric variation) sebäpli Ispaniýanyň energiýa ulgamynda bolup geçen näsazlyklar bilen baglanyşyklydygyny habar berdi. Bu hadysa Ispaniýada temperaturanyň aşa üýtgemegi sebäpli ýüze çykdy, bu hem energiýa ulgamlarynyň arasyndaky sazlaşygy bozup, birleşdirilen ýewropa ulgamynda bökdençliklere getirdi. Ispaniýanyň şäherlerinde blekaut sebäpli adatdan daşary ýagdaý yglan edildi. Ýurduň Içeri işler ministrligi adatdan daşary ýagdaýyň isleg bildiren sebitlerde ulanyljakdygyny belledi. Ilkinji bolup goldawy Madrid, Andalusiýa we Estremadura sorady.
29.04.2025
Starbucks kompaniýasy 3D printerde çap edilen ilkinji kofehanasynyň gurluşygyny tamamlaýar. Bu barada Dezeen neşiri habar berýär. Kofehana Tehas ştatynyň Braunswill şäherinde ýerleşýär. Onuň meýdany, takmynan, 130 inedördül metre barabar. Ol diňe sargyt berilýän penjire arkaly hyzmat etmek üçin niýetlenen bolup, onda myhmanlar üçin zal ýok. Kofehana 28-nji aprelde açylmaly. Taslama Germaniýanyň Peri 3D Construction kompaniýasy bilen bilelikde durmuşa geçirilýär. Daşky diwarlar 3D printerde çap edilen beton böleklerinden ýasaldy. Olaryň arasynda penjireler we gapy çarçuwalary goýuldy. Üçekde ýazgy we sargyt berilýän zolak üçin bassyrma ýerleşdirildi. Braunswill Tehasyň günorta böleginde, SpaceX kompaniýasynyň uçuş meýdanynynyň golaýynda ýerleşýär. Şäher ulgamy giňeltmek üçin geljegi uly sebit hökmünde görülýär. Tehas 3D gurluşygyny ösdürmek boýunça ABŞ-da öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýär. Ştatyň dürli sebitlerinde beton çap ediş tehnologiýasyny ulanmak bilen ýaşaýyş jaýlaryny, myhmanhanalary we jemgyýetçilik binalaryny döretmek boýunça taslamalar alnyp barylýar. Starbucks Sietlde kiçiräk dükan hökmünde başlady, häzirki günde bolsa dünýäde iň uly kofehanalar ulgamynyň biri hasaplanýar. 2022-nji ýyldaky maglumatlara görä, bu brend bilen 84 ýurtda 34 317 nokat işledi. Şol bir wagtyň özünde, olaryň 75%-i kompaniýanyň özi tarapyndan däl-de, beýleki ygtyýarly telekeçiler tarapyndan dolandyryldy. 2020-nji ýylda Starbucks 26,5 mlrd dollar gazanyp, ýyllyk girdejisi boýunça McDonald’s-dan öňe geçdi.
28.04.2025
Şanhaýdaky Posh China restorany myhmanlara sterilizasiýa edilen pil tezeginden taýýarlanan desert hödürleýär. Şeýle geň hezzetiň bahasy 550 dollara ýetýär, hyzmatyň özi bolsa hakyky teatrlaşdyrylan sahna öwrülýär diýip, SCMP neşiri habar berýär. Bu restoran meşhur bloger Mixue's Culinary Notes baryp gaýdandan soň hemmäniň ünsüni özüne çekip ugrady. Ol Internetde "Şanhaýdaky täze restoran akyl ýetirişiň çägini giňeldýär" diýen ýazgyly wideony ýerleşdirdi. Düşünjäni işläp taýýarlamak üçin restoranyň eýeleri ýedi ýylyny Ýunnan welaýatynyň tropiki tokaýlaryny öwrenmeklige sarp etdiler. Menýu ekologiýa taýdan arassa we adaty bolmadyk tagamlar girýär. Olaryň arasynda agaç ýapraklary, bally buz kubjagazlary bar, ýöne iň naýbaşy süýjülik - sterilizasiýa edilen we guradylan pil tezeginden ybaratdyr. Tropiki äheňde bezelen 15 tagamdan ybarat günortanlyk nahary 3888 ýuan (takmynan 550 dollar) durýar. Içgileriň puly aýratyn tölenýär. Tagamlar saçaga giden bir däp-dessur görnüşinde alynýar: myhmanlara gös-göni janly ösümliklerden ýapraklary ýolup almak we olary çigligine jazly bulamaga batyryp iýmek teklip edilýär, hyzmatçy bolsa “sazlaşykly näsazlygyň ekologiki aşhanasy” düşünjesi hakynda jikme-jik gürrüň berýär. Tagamlaryň biri - bir jam gara lödere, ysy raflesiýanyň ysyny berýär, ösümligi ýöne ýere jeset liliýasy diýip atlandyrmaýarlar. “Pil tezegindäki güller” diýilýän desert agşamlyk naharynyň jemleýji akkordyna öwrülýär. Ol ösümlik atyry bilen yslandyrylan, miwe mürepbesi, tozgajyk we bal sorbeti bilen bezelen kitirdewük tezekden ybarat. Lezzeti has içgin duýup, ömürlik ýatlama öwrülmegi üçin, myhmanlara “desert gezelenji” hödürlenýär, onda halaýan ösümlik atyrlaryňy we miwe mürepbäňi saýlap bolýar, şeýlelik bilen hem öz aşpezlik täsirleriňi şahsylaşdyrmak mümkin.
27.04.2025
Ummanlaryň temperaturasynyň ýokarlanmagy sebäpli planetanyň merjenleriň 80%-den gowragynyň reňki soldy. Halkara Merjen gaýalary başlangyjy (ICRI) tarapyndan berlen hasabatda olaryň köpçülikleýin ýok bolup gitmek howpy barada aýdylýar diýip, TASS habar berýär. 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 2025-nji ýylyň 30-njy martyna çenli ýylylyk basyşy merjen gaýalarynyň 84%-ine täsir etdi. 82 ýurda, sebite we ykdysadyýete zyýan ýetdi diýip, guramanyň metbugat habarynda aýdylýar. Hünärmenleriň baha bermegine görä, bu gözegçilikleriň tutuş taryhynda global reňk solmanyň geriminiň iň uly bolan döwrüdir. Bu eýýäm 1998-nji ýyldan bäri dördünji ýagdaýdyr we depgini boýunça 2014-nji ýyldan 2017-nji ýyla çenli bellige alnan öňki ýazgydan ýokary boldy. Şonda gaýalaryň üçden iki böleginden gowragyna zeper ýetipdi. Merjenleriň reňkiniň solmagy ummanlaryň gyzmagy we adamyň täsir etmeginde howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly. Ýagtylyk stresi şertlerinde merjenler özlerini reňk we iýmit bilen üpjün edýän simbiotik suwotulary ýitirýärler. Suwuň temperaturasy uzak wagtlap kadaly ýagdaýa gelmedik ýagdaýynda, merjenler ölýär. Ýewropanyň Copernicus howa gullugynyň berýän maglumatyna görä, 2024-nji ýyl gözegçilikleriň bütin taryhynda iň maýyl ýyl boldy. Ummanyň ortaça ýyllyk temperaturasy rekord derejede 20,87° C boldy. Ilkinji gezek dünýäde ortaça temperatura senagatdan öňki derejeden 1,5° C geçdi.
27.04.2025
1-nji iýundan başlap Özbegistanda daşary ýurtlular we raýatlygy bolmadyk adamlar üçin bäşýyllyk ýaşaýyş ygtyýarnamasyny almagyň ýönekeýleşdirilen tertibi hereket edip başlar. Degişli tertibi girizmek baradaky permana 18-nji aprelde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gol çekdi diýip, ýurduň Adalat ministrligi habar berdi. Resminamany almak üçin arza berýän adam ABŞ-nyň 200 müň dollaryny tölemeli. Şeýle-de, maşgalanyň her bir agzasy – adamsy ýa-da aýaly, çagalary we ene-atasy üçin goşmaça 100 müň dollar gerek. Ygtyýarnama daşary ýurt raýatynyň ýa-da raýatlygy bolmadyk adamyň şahsyýetini we Özbegistanda hemişelik ýaşamak üçin rugsady tassyklaýar. Häzirki günde ýurtda ýaşaýyş üçin rugsatnamany şu adamlar alyp bilýär: Özbegistanda hemişelik ýaşaýan daşary ýurtlular we raýatlygy bolmadyk adamlar, 16 ýaşyna ýetende; Hemişelik ýaşamaga rugsat alan, şol sanda yzyna gaýdyp gelen we indi Özbegistanyň raýaty däl adamlar; Ýörite sanawa giren ýurtlaryň raýatlary gozgalmaýan emläk satyn alan ýagdaýynda: Daşkentde we Daşkent welaýatynda – 300 müň dollara; Samarkant, Buhara, Namangan, Andižan, Fergan we Horezm welaýatlarynda – 200 müň dollara; Garagalpagystanda we beýleki sebitlerde – 100 müň dollara; Özbegistanda hemişelik ýaşaýan, ýöne ýurduň raýatlygy bolmadyk ýa-da ýitiren adamlar. Belläp geçsek, daşary ýurtly raýatlara ýurduň ykdysadyýetine ep-esli maýa goýumlaryň deregine ýaşamak üçin ygtyýarnama berýän maksatnamalar Portugaliýa, Ispaniýa we BAE ýaly ýurtlarda hem hereket edýär. Olar maýa goýumlary we barly daşary ýurt maýadarlaryny ýurda çekmek maksady bilen girizilýär.
22.04.2025
Gündogar Tennessi Döwlet uniwersitetiniň (ABŞ) klinikasynyň hirurglary bir hassanyň başyndan geçen adaty bolmadyk kliniki hadysa hakynda habar berdiler. 53 ýaşly bir adam garyn boşlugynyň biynjalyk edýändiginden zeýrenip gelipdir. Netijede, lukmanlar hassanyň birnäçe möhüm beden agzasynyň içinden parran geçip, garyn boşlugyna düşen üç çüýi çykaryp alypdyrlar. Adatça, garna çümen her bir zat ýiti agyry alamatlary bilen utgaşýar. Köplenç, şikes alanlara, bedeniň içki agzalaryna zeper ýetmegi sebäpli, gyssagly lukmançylyk kömegini bermeli bolýar. Emma, Cureus ylmy žurnalynda gürrüňi edilen näsag şikes alandan dört hepde soň kömek sorap ýüz tutupdyr. Bir aý çemesi öň agaç böleklerini pnewmatiki çüý kakýan gural bilen berkidendigini, şonda agaçlary garnyna diräp saklandygyny ýatlapdyr. Guraly täzelikde satyn alansoň, ol adam heniz ony doly işledip hem görmän eken. Soňra şikes alan adam garnynda üç sany ownuk ýara yzynyň bardygyny görýär. Pnewmatik çekiçden garna urlan zarbalary ol duýmandyr. Hatda wakadan soň garnynda hiç hili agyry hem duýmandyr, gyzzyrmandyr ýa-da başga biynjalyk edýän alamatlar ýüze çykmandyr. Emma, birnäçe hepdeden soň garnynda düşnüksiz bir oňaýsyzlyk peýda bolupdyr. Garyn boşlugy rentgene düşürilende üç sany del jisimiň bardygy ýüze çykaryldy. Çüýler öt haltasyna, aşgazan asty suwuklygyna, içegä zeper ýetirilmezden ýa-da beýleki ýaramaz netijeler bolmazdan aýryldy. Operasiýadan soň dikeldiş döwründe gaýra üzülmeler bolmady, garyndaky agyry aýryldy we hassa alty aýdan soň gözegçilik barlagyna gelmek maslahat berip, hassahanadan çykaryldy. Lukmanlar şeýle şikesleriň seýrek däldigini bellediler: ABŞ-da her ýyl 25 müňe golaý ýagdaý hasaba alynýar. Emma, gürrüňi edilýän ýagdaý şeýle uzak wagtlap alamatsyz geçendigi bilen tapawutlanýar. Şeýle hem, hirurglar çüýleýji gurallar ulanylanda howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmegiň zerurdygyny ýatlatdylar.
22.04.2025
Amerikaly we kanadaly alymlar ýokary patogenli H5N1 guş dümewine garşy nano-waksinany işläp taýýarladylar. Ýagly nanobölejiklere we keseliň ýokary patogen ştamlarynyň beloklaryna esaslanýan derman syçanlarda üstünlikli synag edildi diýip, Buffalo uniwersitetiniň metbugat gullugy habar berýär. Sanjym howply patogenden goraýar we öý hem-de ýabany haýwanlar üçin ulanylyp bilner. "Entek etmeli işimiz köp, ýöne synaglarymyzyň netijesi eýýäm gaty tolgundyryjy. Üstesine, sanjymy öndürmek üçin, beýleki dümewe garşy sanjymlardaky ýaly, towuk ýumurtgalary gerek bolmaýar. Bu önümçiligi, adam we haýwan saglygyny patogeniň ölüm howply ştamlaryndan goramak üçin, has çalt we täsirli ýaýbaňlandyrmaga mümkinçilik berer" – diýip, barlagyň ýolbaşçysy, Buffalo uniwersitetiniň (ABŞ) professory Jonatan Louell düşündirdi. Synaglar H5 esasly sanjymlaryň hem-de H5 we N1 kombinasiýasynyň ähli syçanlary H5N1-iň öldüriji dozalaryndan goraýandygyny görkezdi. N1 esasly sanjym 70% täsirli boldy. Alymlar wirus üýtgäp başlasa, tehnologiýanyň täze sanjymlary çalt döretmäge mümkinçilik berjekdigine ynanýarlar. Soňky ýyllarda guş dümewi Amerikada we Antarktidada guşlaryň, deňiz haýwanlarynyň arasynda işjeň ýaýraýar. ABŞ-nyň fermalarynda we guş fermalarynda, şeýle hem Folklend adalarynyň we Günorta Georgiýanyň kenarýakasynda ýaşaýan albatroslaryň we düwlenleriň arasynda H5N1 wirusynyň ýüze çykandygy habar berildi we soňky bir ýylda ABŞ-da H5N1-iň täze ştammlarynyň ýaýramagynyň epizodlary birnäçe gezek süýt fermalarynda we guşçylyk fermalarynda hasaba alyndy.
21.04.2025
Ýere golaý pes orbitada (160 – 2000 km) kosmos zibiliniň massasy 6600 tonnadan geçdi. Bu mesele uçurylýan hemralaryň sanynyň artmagy bilen ýitileşýär diýip, Ýewropa Kosmos agentliginiň (ESA) ýyllyk hasabatyna salgylanyp, New Atlas ýazýar. Bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylda NASA-nyň orbitada hasaba alan zibili 6000 tonnadan geçmeýärdi. ESA-nyň baş direktory Ýozef Aşbaher bu meseläniň giň gerime eýe bolup, ýitileşmegini dowam etdirýändigini, sebäbi “biziň gündelik durmuşda maglumat çeşmesi hökmünde nawigasiýa, telekommunikasiýa, dürli hyzmatlar we Ýere gözegçilik etmek, şol sanda gorag we howpsuzlyk üçin hemralara garaşlydygymyzy” belleýär. Zibil hemralaryň ýarylmagy, çaknyşyklary ýa-da könelmegi sebäpli döreýär. Hatda millimetr ululykdaky bölejikler hem enjamlara zyýan ýetirip bilýär, santimetr ululykdaky obýektler bolsa energiýasy boýunça granatyň ýarylmagy bilen deňdir. Häzir orbitada diametri bir santimetrden uly bolan azyndan 1,2 mln bölejik bar. Orbitany arassalamak boýunça halkara düzgünler henizem ýok, ýöne aýry-aýry agentlikler öz çärelerini işläp taýýarlaýar. 2028-nji ýylda ClearSpace-1 hemrasy orbitadan PROBA-1 enjamyny aýyrmaly bolar. Şeýle çözgütleriň üstünde Astroscale ýapon kompaniýasy hem işleýär. Firmalaryň ikisi-de orbitadan işini tamamlan birnäçe britan hemrasyny aýyrmak barada Beýik Britaniýanyň Kosmos agentligi bilen şertnama baglaşdy.
20.04.2025
Argentinaly futbolçy Lionel Messi iň zehinli ýaş oýunçylary atlandyrdy. Ol sanawy adidas brendinden täze eksklýuziw butsylaryň çykmagy mynasybetli düzdi diýip, Give Me Sport neşiri ýazýar. “Onuň köpleriň gözünde ähli zamananyň iň beýik futbolçysydygyny göz öňünde tutsak, Lionel Messiniň sport we oňa gatnaşýanlar baradaky pikiri uly ähmiýete eýe. Oňa üns bermek gerek. Onuň bu ajaýyp oýunda gazanan üstünligine az sanly oýunçylar ýetip bilýär. Onuň topa erk etmek ussatlygy bilen deňleşip biljekleriň sany bolsa ondan hem az” – diýlip, neşiriň makalasynda aýdylýar. Umuman, adidas 11 jübüt F50 butsysyny çykardy. Olaryň bir jübütini Messiniň özi geýer, beýlekileri bolsa ol ýaş zehinlere sowgat etdi. Şeýle hormata mynasyp bolan oýunçylar şulardan ybarat: ·Lamin Ýamal (17 ýaş), “Barselonanyň” ispan wingeri ·Kenan Ýyldyz (19 ýaş), Turiniň “Ýuwentusynyň” türk hüjümçisi ·Klaudio Eçewerri (19 ýaş), “Mançester Sitiniň” argentinaly ýarymgoragçysy ·Kawan Salliwan (15 ýaş), “Filadelfiýa Ýunionyň” amerikan ýarymgoragçysy ·Jeýden Şou (20 ýaş), ABŞ-nyň zenanlar ýygyndysynyň futbolçysy ·Antonio Nusu (20 ýaş), “RB Leýpsigiň” norwegiýaly ýarymgoragçysy ·Joel Ndala (18 ýaş), “Nottingem Forestiň” iňlis hüjümçisi ·Wiki Lopes (18 ýaş), “Barselonanyň” zenanlar toparynyň ispan futbolçysy ·Assan Uedraogo (18 ýaş), “RB Leýpsigiň” germaniýaly ýarymgoragçysy ·Eliss Ben-Segir (20 ýaş), “Monakonyň” marokkoly ýarymgoragçysy Messi 37 ýaşynda. Ol 2023-nji ýylyň tomsundan bäri amerikan “Inter Maýamisinde” çykyş edýär. Häzire çenli ol klub üçin ähli ýaryşlarda 49 oýna gatnaşyp, 42 gol geçirdi we 21 assist etdi. Argentinalynyň amerikan kluby bilen şertnamasy 2025-nji ýylyň ahyryna çenli hereket edýär. Transfermarkt portalynyň maglumatlaryna görä, Messiniň bazar bahasy 20 mln ýewro barabar.
20.04.2025
.ads.bottom-right
Habar yazmak:
Meşhur saýtlarymyz:
  • turkmenportal.com
  • tmcars.info
  • salamnews.tm
  • belet.me
  • post.tm
  • asmanexpress.com
Websaýt boýunça soraglar:
+993 62 22 22 22
+993 62 22 22 22
2024 Ähli hukuklar goralagly.